Donate
Giriş
Username:

Password:


Açarsöz unudyldymy?

Agza bol!
Baş guty
menular
 


(1) 2 3 4 ... 9 »
Goşgular : Türkmenlerde wagt aňladylyşy
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 1:20:00 (31 reads)



Daňdan wagty - Günüň dogjak ýeriniň ýagtylyp başlamagy.
* * *
Saba, säher wagty, ir ertir - Daň atandan Gün dogýança. Tomus aýlarynda ol bir ýarym sagatlap dowam edýär.
* * *
Ertir wagty - Daň atandan Gün dogup, gowy ýerden saýlanýança. Şeýle hem ertir sözüniň geljek, indiki gün manysy hem bar. Mysal üçin, “Bu gün bolmaz, ertir gel” ýa-da “Ertirimizi (geljegimizi) göz öňünde tutsak”.
* * *

Read More... | 2395 bytes more | Comments?
Goşgular : Salamlaşmak
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 1:20:00 (44 reads)

Bize ata-babadan gelýän salamlaşmagyň özboluşly düzgüni bar. Köpçüligiň içine barlanynda salam berip barmaly. Köpçüligiň içinden biri oturanlaryň adyndan siziň salamyňyza jogap berse, onda siziň salamyňyzyň alyndygy bolar. Eger-de, hiç biri Allanyň buýrugy hökmünde beren salamyňyzy almasa, hemmesi günäkär bolar.

Read More... | 3594 bytes more | Comments?
Makalalar : Söýgüsi bilen söýüren-1
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 1:10:00 (35 reads)


Söýgi temasy gadymyýetden şu günlere çenli ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, kompozitorlaryň, aýdymçylaryň... iň esasy temasy bolupdyr. Gomeriň «Odisseýa», Şekspiriň «Romeo-Žuletta», Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» ýaly dünýä meşhur eserleri, dürli zamanlarda ýazylandygyna garamazdan, heniz-henizlerem her bir okyjynyň ýüregini heýjana salyp gelýär.

Read More... | 11707 bytes more | Comments?
Makalalar : Ahmyr\ Terjime eden Eziz Akaýew
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 1:10:00 (44 reads)


Men hemişe yza çekip ýaşaýan adam. Ol şeýle bir yza welin, göýä özümi bilenim bäri maňa hunaba ýuwutdyryp gelýän ýaly. Belki, men şol wagt dördem ýaşan däldirin. Şol ýaşdan soň etmiş etmegä beýlede dursun, hatda gabahat-erbet işleri hyýalyma getirdigim hem wyždanymda edrenç dowzah ezýeti möwç alyp, meni günüme goýmaýar.

Read More... | 6977 bytes more | Comments?
Makalalar : 70-i arka atan\
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 1:00:00 (22 reads)


Indi 60 ýyla golaý wagt bäri elinde döwet galamyny ýöredip ýören Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Annaberdi Agabaýew 70 ýaşady.

- Annaberdi aga, türkmeniň tanymal şahyry Gurbannazar Ezizowyň size çuňňur hormat bilen «Hany, galam gaşlym, ol Annaberdi?» diýip, ýazyp gidenine seredilip oturylsa, ençe ýyl geçipdir. Hatda siziň:

Read More... | 4484 bytes more | Comments?
Makalalar : Söýgüsi bilen söýdüren-2
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 1:00:00 (24 reads)


Aman Kekilow galamdaşlary bilen

Aman Kekilow türkmen edebiýatyna “Söýgi”, “Syrylan bulut” romanlaryny, “Edebiýat teoriýasy”, “Söz sungaty”, “Söz syrlary”, “Edebi žanrlar we edebi metod”, “Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi we ösüşi” ýaly eserleri miras goýdy.

Read More... | 6472 bytes more | Comments?
Makalalar : Özüni tanan weli\ DÖWRAN ORAZGYLYJOW
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 0:50:00 (48 reads)


Soňky wagtlarda habar alyş we syýahatçylyk ulgamynyň ägirt uly derejede ösmegi netijesinde Ýer ýüzi göýä ullakan bir küren oba öwrüldi. Indi ýer ýüzüniň haýsydyr bir künjeginde bolan wakadan bada-bat habardar bolmak mümkin. Dünýäniň islendik künjegine gitmek üçin bary-ýogy birnäçe sagat ýeterlik.

Read More... | 7528 bytes more | Comments?
Makalalar : Durmyş öwrümleri\ DÜNÝÄ NURGYLYJOWA
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 0:50:00 (24 reads)



Men şujagaz ýazgymda durmuş öwrümleri, heniz gulpajygymy tasardypjyk ýören gyzjagazkam öz başymdan geçen süýji hem-de ajy wakalarym barada gürrüň bermekçi. Şatlyk-şagalaňa beslenen günlerimiz ejemdir kakamyň biziň bilen baky hoşlaşjakdygy barada pikirem etmeýärdik. Ejem jan biziň üçimizi hem bagryna basyp: “Dünýä jan, Parahat jan, Gülälek jan siz üç dogansyňyz, hemişe agzybirje boluň!” diýerdi. Jigim Gülälek, Parahat ikimizden dört ýaş kiçem bolsa, doglan günümiz bir gündedi.

Read More... | 5476 bytes more | Comments?
Makalalar : Gözel lybaslarymyz hakda\ ATAMYRAT ŞAGULY
Posted by mahmud atagözli on 2008/6/4 0:40:00 (40 reads)


Her halkda öz ýüzüni görkezýän milli egin-eşikler bolýar. Dünýäde bir owadan milli lybas bar bolsa, olaryň biri-de türkmenlerimiziňkidir. Erkek milli lybaslaram owadandyr welin, gelin-gyzlarymyzyňky has-da owadan. Şowurdysy gulagyňa ajaýyp owaz bolup eşidilýän gyrasaryly gyrmyzy keteni, nagyşly tahýa, hozöýme, hanýaglyk, şabram seçekli gyňaç, gyrma köwüş... gelin-gyzlary şeýle aýsuluw, maýa ýaly dokuşykly, keşpdar görkezýär.

Read More... | 5597 bytes more | Comments?
Makalalar : ŞAHIS ADLARI DESTANI\ Doç. Dr. Berdi Sarıyev, Gülalek Sarıyeva
Posted by mahmud atagözli on 2008/3/7 10:50:00 (104 reads)

ŞAHIS ADLARI DESTANI-I


Başka halklarda olduğu gibi Türk toplumunda da kültürümüzün bölünmez bir parçası olan şahıs adları - özel isimleri takma geleneği (çocuğa ad verme geleneği) vardır. Çok eskilere dayanan, tarihimizden temelini alan bu gelenek bir başka deyişle ayrıca bir milli destana benzer. Şahıs adları destanı dediğimiz de budur. Uzun zamandan beri kendi varlığını sürdüre gelmektedir. Bu destanın konusu oldukça geniştir, kahramanları daha da çoktur, sanki bir başka alem gibidir, şahıs adları destanı. Konu ile ilgili örneklere kısaca bir göz atalım :



“DÜNÝÄ(DÜNYA),DÜNÝÄGÖZEL(DÜNYAGÜZEL),JAHAN(CİHAN), JAHANSOLTAN (CİHANSULTAN)...” gibi Türkmen kızlarının adları bu gün çok yaygın kullanılmaktadır.

“GARBERDI(KARVERDİ),GARÝAGDY(KARYAĞDI),GARLY(KARLI)AÝAZHAN (AYAZHAN),ÝAGMYRGELDI(YAĞMURGELDİ),...”gibi isimler Türkmen oğlanlarının adla- rından aldığımız bazı örneklerdir. Konusu bellidir.

“ALMA, ALMAGÜL, ERİKGÜL, ÜZÜM, ÜZÜMJAN (ÜZÜMCAN) ÜZÜMGÜL, NARBIBI, NARGÜL, NARTÄÇ (NARTAÇ), BÄGÜL,GÜLCAN, GÜLTÄÇ, GÜLÄLEK, GYZYLGÜL ,AKGÜL,ÝAZGÜL,BAHARGÜL...”gibi adlar da gerçekten çiçeğe ben -zeyen kızlarımıza aittir.



İnancımızı da çocuklarımıza verdiğimiz adlarımızla yaşatıyoruz. Bunun bir örneği olarak Türkmenlerde (PATMA,(FATMA), PATMABIBI ,PATMAGÖZEL,PATMAGÜL, ÄŞE(AYŞE) , ÄŞEGÜL, ÄŞEBIBI,ÄŞEW , KÄBE(KABE), KÄBİŞ, KÄBEGÖZEL, KÄBEGÜL...) gibi kız adlarını ; (ABDY, ABDYLLA, RAHMAN, RAHMANGULY, RAHMANBERDI, MUHAMMET, RESULBERDI, RAHYM ,PYGAMBERGULY ,ISA,ISAGULY ,MUSA ,MUSAGULY , MÖWLAM , MÖWLAMBERDI...) gibi oğlan adlarını göstermek olur.



Evet, görüldüğü gibi, bu destan Türklerin öz destanıdır. Bu destan Türklerin inanç destanıdır. Bu destan Türklerin kendi kimliği hakkındaki destanıdır. Bu destan Türklerin kültürü, gelenek-görenekleri ,inancı,dini ve desturu ile ilgili olan hacimli bir destandır.

Bu destanın kahramanları hakkında,daha doğrusu Türkmenlerde dini inanç ile ilgili yaygın kullanılan özel isimler hakkında okuyucularımıza kısa bir bilgi vermek istiyoruz biz Şahıs Adları Destanı-I kısmında. Tarihimizin ilk sayfalarından başlayalım sohbetimize.


Read More... | 51651 bytes more | Comments?
(1) 2 3 4 ... 9 »
 

 

Reklam

 

 
Google

Design & Powered By: ilyadgonbad.com © 2002-2008